Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler

Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler

Kanadaly alymlar dünýäde iň tiz surata düşüriş kamerasyny synagdan geçirdiler, ol sekuntda 156 trillion kadr etmäge ukyplydyr diýip, MIR 24 ýazýar.

Enjam täze optiki tehnologiýa esaslanyp, ol aňrybaş lazeriň täsiri bilen 100 şekili almaga mümkinçilik berýär. Kamera alymlara femto-sekuntda, ýagny sekundyň bir kwadrillion paýynda bolup geçýän hadysalary surata düşürmäge mümkinçilik berer. Tehnologiýa dürli ulgamlarda, şol sanda kompýuter ýadynyň täze tehnologiýalaryny döretmekde we bejerginiň iltrases usullarynda peýdalanylyp bilner.

Kanadanyň Kwebekdäki Milli ylmy barlaglar instutynyň wekilleri täze ulgamyň öň elýeterli bolmadyk hadysalary surata almaga mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Alymlar dünýäde iň tiz kameralaryň sekuntda birnäçe ýüz million kadry surata almaga mümkinçilik berýändigini, emma tebigatdaky köp hadysalaryň bäş-atly esse çalt geçýändigini aýdýarlar diýip, Nature Communications neşiri habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Nýu-Ýorkda koronawirusyň syrly görnüşleri tapyldy
Marsda suwuň we şemalyň bolandygy barada täze subutnamalar tapyldy
Marsda suwuň we ýeliň bardygynyň täze subutnamalary tapyldy
“Akmaýanyň ýolunyň” ýaşy hasap edilişinden uly bolup çykdy
Obalylar giňişlikde oňat ýol tapýarlar
Süýrenijileriň 21 göterimine ýok bolmak howpy abanýar