Amerikaly inženerler howadan suw almagyň usulyny tapdylar

Amerikaly inženerler howadan suw almagyň usulyny tapdylar

ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň inženerleri gurak etraplary suw bilen üpjün etmegiň usulyny oýlap tapdylar. Häzir ygal ýetmezçiligi has wawwaly mesele bolup durýar, soňky maglumatlara görä, Ýer togalagynyň ilatynyň üçden bir bölegi ol ýa-da beýleki derejede suw gytlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, “Nature Communications” neşiri ýazýar diýip, MIR24 habar berdi.

Alymlar topary gel plýonkasyny oýlap tapdylar, ol howadan hatda iň gurak klimatda-da suwy özüne çekýär. Synaglar bu jisimiň bir kilogramynyň howanyň çyglylygynyň 15 göterimden az şertlerinde gije-gündizde alty litr suw öndürmäge ukyplydygyny görkezdi. Çyglylyk 30 derejede bu görkeziji 13 litre ýetýär.

Hünärmenler täze usulyň az çykdajyly boljakdygyny wada berýärler. Olar munuň üçin öz oýlap tapyşynyň täsirliligini has-da artdyrmakçy, özem bu materialy islendik adam adaty öý şertlerinde hem ýasap biler. Täze serişde diýseň çeýe we islendik görnüşi alyp bolýar. Onuň üçin diňe gel we goşundylar gerek. Ony isleýän göwrümiňde galyba guýmaly, şondan soň arkaýyn ulanybermeli.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da haýwanlaryň 40 göterimine ýok bolmak howpy abanýar
Astronomlar şeker pamygynyň dykyzlygyndaky planetany açdylar
WWA: Dünýäde sil joşgunlary has-da güýçlendi
Wagtyň ählumumy hasaby buzluklaryň eremegi sebäpli üýtgäp biler
Ýüz ýyl bäri ýiten hasaplanyp gelen Galapagos pyşdyly diri bolup çykdy
Alymlar delfinleriň dürli şiwede gürleşýändiklerini subut etdiler