Ýüz ýyl bäri ýiten hasaplanyp gelen Galapagos pyşdyly diri bolup çykdy

Ýüz ýyl bäri ýiten hasaplanyp gelen Galapagos pyşdyly diri bolup çykdy

Chelonoidis phantasticus ýa-da äpet fantastik pyşdyl Galapagos adalarynda ýaşaýan pyşdylyň görnüşidir, ol 1906-njy ýylda tapylan ýeke-täk nusgasy bilen mälimdi we köpden bäri ölüp gutaran hasaplanyp gelýärdi.

Häzirki wagtda ol diri görnüşde tapyldy. Öz dogduk adasy Fernandinanyň şanyna Fernanda diýlip atlandyrylan bu pyşdyl mundan ýüz ýyldanam gowrak öň tapylan görnüşine meňzeş görlen, öz kowmynyň ýeke-täk wekili boldy.

Amerikanyň we Ýewropanyň genetikleri bir asyr töweregi mundan öň şol adadan tapylan nusgadan ezberlik bilen DNK aldylar we Fernanda bilen muzeýdäki pyşdylyň ikisiniň hem şol bir görnüşe degişlidigini hem-de olaryň genetiki taýdan beýleki galapagos pyşdyllaryndan tapawutlydyklaryny tassykladylar. Bu baradaky makala Nature Communication Biology žurnalynda çap boldy.

Ýene degişli makalalar

UEFA “Sewilýa” Ligasy
Tälimçi çalyşdyrýan topar Marokkonyň ýygyndysy
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi belli boldy
Türkmen diplomaty HÝAG-nyň Baş direktoryna Ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň HÝAG -daky Hemişelik wekili Gaagada akkreditasiýa edildi
Karlo Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellendi