Karlo Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellendi

Braziliýanyň ýygyndysynyň täze tälimçisi mälim edildi.Dünýä Kubogyny iň köp gazanan ýygyndynyň tälimçiligine italiýaly ussat hünärmen Karlo Ançelotti bellendi.Ol 2024-nji ýylyň tomsundan başlap, Braziliýanyň ýygyndysyna tälim berer.

Bu barada Braziliýanyň futbol federasiýasynyň başlygy Ednaldo Rodriges resmi ýagdaýda habar berdi.Ol häzirlikçe, öňümizdäki 1 ýyl topara wagtlaýynça Fernando Diniziň tälim berjekdigini hem belläp geçdi.Rodriges: Öňümizdäki Kopa Amerikada Ançelotti toparyň tälimçisi bolar.

Oňa çenli-de Diniz topara tälim berer.Ol topary Ançelotti tälimçiligine taýýarlar diýip, çykyş etdi.

Braziliýanyň ýygyndysy soňky 3 duşuşygynyň 2-sinde ýeňlişe sezewar boldy. Sambaçylar ýoldaşlyk duşuşyklarynda Marokkodyr Senegaldan degişlilikde, 2-1 we 4-2 hasaplar bilen asgyn gelipdi. Braziliýanyň ýygyndysy Gwineýany bolsa 4-1 hasabynda ýeňipdi.

Karlo Ançelottiniň häzirki wagtda “Real Madrid” bilen ýene-de 1 ýyllyk şertnamasy bolup, ol geljek ýylyň tomsunda tamamlanýar.

Ançelotti Braziliýanyň ýygyndysyndaky daşary ýurtly 2-nji, resmi duşuşyklardaky ilkinji baş tälimçi bolar.Mundan öň 1965-nji ýylda argentinaly Filpo Nunýes diňe 1 ýoldaşlyk duşuşygynda Braziliýanyň ýygyndysyna tälim beripdi. Şeýle-de, 1925-nji ýylyň 6-25-nji dekabry aralygynda urugwaýly Ramon Platero, 1944-nji ýylyň 14-17-nji maýy aralygynda-da portugaliýaly Horeka braziliýaly tälimçiler bilen bilelikde topara tälimçi hökmünde bellenilipdi.

Ýene degişli makalalar

Mançester Sitiniň ýarym goragçysy Rodri 2024-nji ýylyň Altyn topuna mynasyp boldy
“Real Madrid” 5 minutda finala çykdy
Çempionlar Ligasynyň ýeke-täk hojaýyny “Real Madrid”
Ançelotti Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy
Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord goýdy
Real: Mbappe bolmasa, Jesus