Real: Mbappe bolmasa, Jesus

Real: Mbappe bolmasa, Jesus

Mbappe ahyrky pursatda transferden ýüz öwren hem bolsa Real şu tomusda hüjüm bölegi üçin bir güýçli transferi amala aşyrmakçy.

GOAL Brasil neşiriniň ýazmagyna görä, bu Karlo Ançelottiniň hut özüniň talaby. Italiýaly tälimçi ýolbaşçylara Mançester Sitiniň hüjümçisi Gabriel Jesusy maslahat berdi.

Öz gezeginde şäherliler hem hüjümçini satmaga garşy däl. Ol Hosep Dwardiolanyň täze möwsüm üçin meýillerine girmeýär.

Öňräk hüjümçi bilen Arsenalyň gyzyklanýandygy hem aýdylypdy. Munuň üçin klub 50 million ýewro tölemäge razy hem boldy. Ýöne şäherliler hüjümçi üçin 60 million ýewro isleýär. Bu puly bolsa Karollyk kluby töläp biler.

Maglumat hökmünde ýetirsek, 25 ýaşly hüjümçi geçen möwsümde topar bilen 41 duşuşyga gatnaşdy. Ol bu duşuşyklarda 13 gezek tapawutlandy, 11 goluň bolsa ýardam pasyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Super “Real Madrid”
29-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Mançester Sitiniň ýarym goragçysy Rodri 2024-nji ýylyň Altyn topuna mynasyp boldy
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
Gysga setirlerde: 21-nji fewralyň sport habarlary
“Milan” “Realy” 15 ýyldan soň 7-nji gezek ýeňdi