Gysga setirlerde: 21-nji fewralyň sport habarlary

Gysga setirlerde: 21-nji fewralyň sport habarlary

Futbol. Ýakynda Marseldäki işinden boşadylan tälimçi Žennaro Gattuzonyň Torino bilen şertnama baglaşmagyna garaşylýar.

MMA. Orta agram derejäniň ozalky çempiony Robert Uittakeriň indiki duşuşygyny Şon Striklend bilen geçirmegi ahmal.

MMA. Ýarymagyr agram derejesindäki çempion Aleks Pereýranyň UFC 300-den soň UFC 301-e hem gatnaşmagyna garaşylýar. Onuň UFC 300 agşamyndaky garşydaşy amerikaly Jamal Hill bolar.

Aziýa ooýunlary. 2025-nji ýyldaky Gyşky Aziýa oýunlary şol ýylyň 7 ― 14-nji fewral günlerinde Hytaýyň Harbin şäherinde geçiriler.

Futbol. Eger Tomas Tuhel işden çykarylsa, Ole-Gunnar Sulşeriň Bawariýa tälim bermegi ahmal.

Golf. Tennis ýyldyzy Rafael Nadal Malýorka şäherinde geçirilen golf ýaryşynyň çempiony boldy. Ol 75 golfçynyň arasyndan saýlanmagy başardy.

Futbol. Luka Modriç Realyň baş tälimçisi Karlo Ançelottiniň möwsüm tamamlanansoň tälimçiler ştabyna goşulmak baradaky teklibini ret etdi. Ol ýene azyndan bir ýyl futbol oýnamak isleýär.

Tennis. Dünýäniň birinji raketkasi Iga Swýontek Dubaýda geçirilýän halkara ýaryşa üstünlikli başlady. Ol ilkinji duşuşygynda WTA-nyň reýtinginde 41-nji orny eýeleýän amerikaly Sloan Stiwensi 2:0 hasabynda ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 3-nji dekabr
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Real Madridiň” UEFA-daky 5-nji Super Kubogy
Çempionlar Ligasynyň ýeke-täk hojaýyny “Real Madrid”
Torino Ýuwentus bilen utuk paýlaşdy