Alymlar delfinleriň dürli şiwede gürleşýändiklerini subut etdiler

Alymlar delfinleriň dürli şiwede gürleşýändiklerini subut etdiler

Alymlaryň aýtmagyna görä, ummanyň dürli böleginde delfinleriň öz gürleşýän şiweleri bar.

Italiýanyň Sassari uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren täze ylmy-barlaglarynyň netijesinde, delfinleriň çykarýan ses habarlarynyň olara diňe bir-birini tanamaga däl, eýsem, öz doglan, ýaşaýan ýerini we uruglardaky jemi sanyny kesgitlemäge mümkinçilik berýändigi belli boldy. Delfinleriň şiweleri barada makala Nature žurnalynda çap edildi, bu barada News.mail. ru saýty ýazýar.

Italiýaly alymlar Dünýä ummanynyň dürli sebitlerinden çüýşeburun afalin (Tursiops truncatus) delfinleriniň sykylyk sesleriniň 188 sagatlyk ýazgysyny diňlediler. Netijede, gyrmançaly etraplarda delfinleriň sesiniň ýuwaş hem-de çeküwlidigi anyklandy, munuň sebäbi suwotularyň köpdügi bilen baglydyr. Şeýle-de kiçi delfinleriň sesleriniň uly delfinleriňkiden güýçlüdigi belli boldy.

Açyş jandarlaryň anyk tebigy şertlerde iň ýokary derejede bir-birini tanamagy üçin öz seslerini üýtgetmäge ukyplydygy barada “akustiki üýgunlaşma” diýlip at berlen ylmy gipotezanyň dogrudygyny görkezdi.

“Adamyň täsiri netijesinde ummanyň özgerýändigini hasaba almak bilen, jandarlaryň özlerini alyp barmagyny üýtgetmek arkaly, daşky gurşawa uýgunlaşmagyna mümkinçilik berýän ýagdaýlary hasaba almak zerurdyr.Adamlar delfinleriň ösüşi hem-de birek-birek bilen habarlaşmagy üçin akustiki gurşawyň wajypdygy barada oýlanmalydyrlar.

Gämiçilik we deňiz gatnawlary jandarlaryň ýaşamagynyň bu wajyp tarapyna çynlakaý täsir edip biler” diýip, ylmy-barlagyň ýolbaşçysy Gabriella La Manna gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Alymlar howanyň üýtgemeginiň ýetirjek zyýanyna baha berdiler
Ýaglanma Howpuny Artdyrýan 2 Sany Genetiki Wariant Kesgitlendi
Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler
Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar
Amerikaly inženerler howadan suw almagyň usulyny tapdylar
Alymlar plastigi bir hepdede gaýtadan işlemegiň usulyny tapdylar