Alymlary haýran galdyran açyş

Amazonka tokaýlarynda gurbaganyň täze görnüşi tapyldy. “Hyalinobatrachium yaku” ylmy ady dakylan bu jandara daşyndan seredeniňde ýüregi görünýär.Bilermenler bu jandary 2013-2016-njy ýyllar aralygynda sebitde geçirilen barlaglaryň netijesinde tapdylar. “Aýna gurbaga” diýip atlandyrylýan maşgala degişli bolan bu jandar kellesindäki goýy ýaşyl menekler arkaly maşgalanyň beýleki wekillerinden tapawutlanýar.

Onuň ululygy bary-ýogy 2 santimetre barabar. “Aýna gurbaga” maşgalasynyň beýleki wekilleriniň derisi ýarymdury bolmagy bilen tapawutlanýar. Ýagny olaryň iç goşlary çalarak görünýär.Emma täzelikde üsti açylan jandaryň garyn we döşündäki deri edil aýna ýaly bolup, içini arkaýyn görüp bolýar.Nesli azalyp barýarEkwadordaky San-Fransisko de Kwito uniwersitetiniň ylmy işgäri, professor Huan Guaýasamin häzire çenli diňe gurbagalary öwrenmek bilen meşgullanandygyny, emma şeýle owadan gurbagany ilkinji gezek görendigini belleýär.

Ol bu jandaryň sanynyň azalyp barýandygyna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Kolumbiýada harby uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde azyndan 66 adam ýogaldy
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
Perudaky buzluklaryň ýaryndan gowragy eredi
Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar