Aman Gulmämmedowyň doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi

Aman Gulmämmedowyň doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap Sahna we durmuş atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ömrüni kino we teatr sungatyna bagyş eden ussat artist Aman Gulmämmedowyň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi.

Halypa artistiň ussatlyk bilen döreden keşpleri, teatr hem-de kino sungaty üçin bitiren işleri, ömür ýoly baradaky gyzykly gürrüňler okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Ussadyň döredijiligine bagyşlap gurnalan sergi hem aýratyn gyzyklanma döretdi.

Ýene degişli makalalar

Halypalara sarpa
'Sakgal gözegçiligi' güýçlendi, Aşgabat daşary ýurt täsirlerinden howatyr edýär - Çeşmeler
Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew Hytaý we Merkezi Aziýa atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisine gatnaşdy
Türkmenistanly suratkeş Hytaýda geçirilen sergä gatnaşdy
Wladimir Maşkow 60 ýaşady
Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy