Kaliforniýada ýerleşýän “Zoox” startapy ilkinji robot taksisi bolup biläýjek öz-özüni dolandyrýan awtoulagy tanyşdyrdy. Bu barada “The Verge” maglumat portalyna salgylanyp, newinform.com habar berýär.
Özbaşdak hereket edýän awtoulaglar kompaniýasy Zoox alty ýyllap geçirilen synaglardan soň ahyrsoňy robot taksisini görkezdi.Hünärmenler Zoox-yň elektrikli ulagynyň birnäçe ajaýyp aýratynlygynyň bardygyny belleýärler.Doly elektrikli dört tigirli awtoulaga dört adama ýerleşip bilýär.
Döredijiler ulagyň öň we yz tarapynyň ýokdugyny, şeýle hem sürüji üçin ýeriň ýokdugyny bellediler.Zoox-yň hünärmenleri soňky birnäçe ýylda awtonom ulagynyň edil öňe hereket edişi ýaly, öwrüm etmezden yza hem erkin hereket edip bilmegi üçin zähmet siňdirendiklerini aýtdylar.
Zoox-yň wekilleri bu awtoulagyň sagatda 120 km tizlikde hereket edip biljekdigini öňe sürýärler. Ýeri gelende ýatlasak, Amazon Zoox startapyny şu ýylyň iýun aýynda satyn alypdy.
