Amerikan Wekiliýeti Ankara Geler

Amerikan Wekiliýeti Ankara Geler

Milli goranmak ministrligi bu barasynda beýannama çap etdi.

Ministrligiň behannamasynda ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň Ýaragly hyzmatlar komitetiniň wekiliýetiniň paýtagt Ankara sapara geljekdigi mälim edilýär.

Beýannamada; “Hormatly ministrimiz Ýaşar Güler, ertir ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň Ýaragly hyzmatlar komitetiniň 4 agzasyny ministrligimizde kabul eder.Duşuşygyň özara harby gatnaşyklarynyň gün-tertibinde durýan terrorizme garşy göreş we ABŞ-nyň PKK/ÝPG-ä berýän goldawy, F-16 harby uçarlarynyn üpjünçiligi we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy, Kongressde tassyklanmagyna garaşylýan taslamalar ýaly hususlarda milli howpsuzlyk bilen bagly pozisiýamyzyň ýokary derejede beýan edilmegi üçin şert döretmegine garaşylýar” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Kalyn Amerikan Wekiliýeti Bilen Duşuşar
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi