Amyderýadan gözbaş alýan akabalara suw az çykýar, Çärjewiň ekin meýdanlary suwsuzlykdan kösenýär

Amyderýadan gözbaş alýan akabalara suw az çykýar, Çärjewiň ekin meýdanlary suwsuzlykdan kösenýär

Çärjew etrabynyň “Ýassydepe”, “Guşçular” we “Lebap” daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlaryna kadaly suw çykmaýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

Amyderýanyň suwunyň azalmagy bilen bagly aladalaryň arasynda, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi daýhanlary köseýär.

Şu günler Lebap, Mary, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda gowaça ekiş möwsümi dowam edýär. Şol bir wagtda, käbir sebitlerde güberilip çykan gowaça baldaklarynyň kadaly ösüşini gazanmak üçin ösüş suwlary tutulýar. Ýöne suw ýetmezçiligi pagtaçy kärendeçileriň gowaçalary gandyrmak tagallalaryna badak atýar. Galyberse-de, suw problemasy bugdaý meýdanlarynyň suwaryş işlerini hem bökdeýär.

Ýerli kärendeçiler Çärjew etrabyndaky üç daýhan birleşigiň suw kynçylyklaryny Amyderýadan gözbaş alyp, etrabyň çägine çenli uzap gaýdýan dört suw akabasyna suwuň kadaly çykmazlygy bilen düşündirýärler.

Bu suw akabalary Amyderýanyň Lebap welaýatynyň Üçbaş obasyndan geçýän böleginden gözbaş alýar we Türkmenabadyň üsti bilen Çärjew etrabyna tarap akýar.

Akabalardaky suw "Ýassydepe", "Guşçular" we "Lebap" daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryna çykyp bilmeýär, sebäbi Amyderýada suw az bolansoň, kanallar suw bilen doldurylmaýar diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Amyderýanyň suwy akabalara zordan çykýar. Uzynlygy 40 km töweregi bolan akabalaryň üsti bilen çetki obalara suw ýetirip bolmaýar” diýip, daýhanlar gürrüň berýär.

Ýerli ýaşaýjylar soňky ýyllarda Amedyrýanyň suwunyň azalmagyny alada bilen synlaýandyklaryny aýdýarlar.

Döwlet metbugatyna görä, Türkmenistanyň suw serişdeleriniň 95 göterimini Amyderýanyň mele suwy üpjün edýär.

Derýanyň takmynan 1000 kilometre barabar bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär.

Bu aralykda, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2022-nji ýylyň martynda Amyderýanyň akabasynyň ugrunda ägirt uly Koştepe kanalynyň gurluşygyna girişdi. Hünärmenler bu kanalyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar. Kanalyň gurluşygynyň bäş ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň iň uzyn emeli derýasy hasaplanýan Garagum kanaly Amyderýadan uç alýar we ýurduň gündogaryndan günbataryna çenli aralykda ýerleşýän ilatly nokatlary suw bilen üpjün edýär. Şol bir wagtda, Murgap we Tejen derýalary hem Amyderýanyň goşandy hasaplanýar.

Türkmenistan we Özbegistan 2022-nji ýylyň iýulynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak hakynda ylalaşyga gol çekdi. Şertnamanyň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmaýar, ýöne bu ylalaşyk sebit ýurtlarynyň suw serişdelerinden peýdalanmak babatda bilelikdäki tagallalaryna yşarat edýär.

Galyberse-de, Türkmenistan we Eýran Owganystan bilen Tejen derýasy babatda üçtaraplaýyn ylalaşygy düzmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy suw ýetmezçiliginiň fonunda, häzirki wagtda Çärjew etrabynyň ýaşaýjylarynyň arasynda ýörite nasoslar arkaly ýerasty suwlardan peýdalanýan adamlaryň köpelýändigini habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylar sebitdäki ýerasty suwlaryň Amyderýa sebäpli emele gelendigini aýdýarlar we derýanyň suwy çekilmegi dowam etdirse, ýerasty suwlarynyň hem azalmagyndan alada galýarlar.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurdy.

Türkmenistan Amyderýa, Tejen, Murgap, Etrek we Sumbar derýalarynyň, Garagum kanalynyň üsti bilen galyberse-de, suw howdanlarynyň üsti bilen suw üpjünçiligini amala aşyrýar. Şol bir wagtda, türkmen hökümeti Hazar deňziniň suwuny arassalamak arkaly deňiz suwundan peýdalanmak babatdaky taslamalara seredýär.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda suw serişdelerini tygşytly ulanmak we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak babatda möhüm işleriň ýerine ýetirilýändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň käbir sebitlerinde gowaçanyň birinji ýuwuş suwlary entegem tutulmady
Lebapda PÝGG sürüjilere jerime ýazmak ýa-da olardan “para almak” çärelerini güýçlendirdi
“11 aýyň soltany” häsýetlendirilýän Remezan aýy başlady
Wagtyň ölçegi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim
26.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim