Aň hem ýat üçin iň peýdaly önümler haýsylar?

Aň hem ýat üçin iň peýdaly önümler haýsylar?

Uly ýaşda adamyň beýnisi ýaş bilen bagly hadysalara aýratyn duýgur bolýar. Ýöne iýmit normaňa peýdaly önümleri köpräk goşmak bilen, bu ýagdaýa taýýarlanyp bolar. MedikForum-a salgylanyp, azertag.az şol peýdaly önümler barada maglumat berýär.

Ýagly balyk.Balygyň losos, forel we sardina görnüşi okamak hem-de ýat üçin zerur bolan Omega-3 ýag kislotalaryna baýdyr. Ýagyň şu görnüşiniň ýaş bilen bagly kognitiw ukyplaryň peselmegini haýalladyp, hatda huşsuzlygyň öňüni almaga täsiriniň bardygyny barlaglaryň netijeleri görkezýär.

Kofe.Bu içgi düzüminde beýnä oňyn täsir edýän kofeini we antiokdisantlary saklaýar.Kofein konsentrasiýany güýçlendirip, keýpiňi göterýär we energiýanyň derejesini ýokarlandyrýar.Antioksidantlara baý düzümi bilen kofe Parkinsonyň keseli ýaly käbir newrologik kesellerden goragy üpjün edýär. Çernika. Şu we beýleki açyk reňkli ir-iýmişler antosianlara, ýagny antioksidant häsiýetli we sowuklamalara garşy göreşmäge ukyply ösümlik birleşmelerine baýdyr.

Antioksidantlara we antosianlara baý bolan berhiz Alsgeýmeriň keseli ýaly ýaş bilen bagly neýrodegeneratiw keselleriň döremek töwekgelçiligini peseldýär.Brokkoli.Bu önüm kuwwatly antioksidantlara we sowuklamaga garşy durmaga ukyply birleşmelere, şol sanda beýnini zeperlenmelerden goraýan K witaminine baý düzümi bilen tapawutlanýar.

K witamininiň köp derejede sarp edilmegi uly ýaşly adamlaryň ýadyny gowulandyrmaga ýardam edýär.Kädi çigidi.Ol saglyk üçin möhüm bolan antioksidantlaryň, magniniň, demiriň, sinkiň, balyň çeşmesidir.Bu iýmit serişdeleriniň ýetmezçiligi köp sanly newrologik gaýraüzülmeler bilen baglydyr.

Gara şokolad.Ol flawonoidler, kofein, antioksidantlar ýaly beýniniň işini sazlaýan maddalaryň çeşmesi.Flawonoidler ýady berkitmäge hem-de kognitiw ukyplaryň peselmegini haýallatmaga kömek edýär.

Ýene degişli makalalar

Öýken üçin peýdaly azyklar….
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Magnit hadysasynyň ýaramaz täsirinden nädip goranmaly?
Çempionlar Ligasynyň finalynyň emini mälim edildi
Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.
Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary