Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary

Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary

Balyk sarp etmegiň mukdary artdyrylmaly.

Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almak üçin düzüminde omega 3 bolan az ýagly we ýagsyz balyklar sarp edilmeli.

Petruşka we limon bejergisi

Petruşka ergininiň taýýalanylyşy; 15-16 şahajyk petruşkany tutuşlygyna blendere salmaly. Üstüne iki nahar çemçesi limon suwy we ýarym käse suw goşmaly. Iki minut üwemeli. Günde bir gezek ertirlik naharyndan 15 minut öň içmeli. 15 gün içilenden soň 5 gün arakesme berip, ýene-de 15 gün içmek maslahat berilýär.

Kofe

Alkogolsyz ýagly bagyr hassalygy bolanlarda geçirilen barlaglarda günde iki ýa-da ondan köp kofe içýändigini beýan edenleriň bagrynyň, az kofe içýänlere ýa-da kofe içmeýänlere görä has sagdyndygy ýüze çykarylypdyr. Günde bir çaşka kofe bagyr ýaglanmasynyň öňüni almak üçin peýdalydyr.

Buýanyň köki

Alkogolsyz ýagly bagyr hassalygy bolanlar üçib buýanyň köki peýdalydyr. Buýanyň köki käbir adamlarda garaşylmaýan reaksiýalary ýüze çykaryp bilýär.

Limon

Bir käse suwa ýarym limony sykyp, birnäçe hepdäniň dowamynda günde 2-3 gezek içmek bagyr ýaglanmasynyň aýrylmagy üçin peýdalydyr.

Awakado we kiwi

Hepdede kadaly ýagdaýda awakado iýmek bagyryň ýaglanmagynyň öňüni alýar. Bagyr üçin peýdaly bolan awakadony günüň dowamynda birnäçe gezek iýmek maslahat berilýär. Kiwi hem bagyr üçin peýdaly miwelerden biri.

Alma sirkesi

Bir käse ýyly suwa bir nahar çemçesi tebigy alma sirkesini goşup, nahardan öň günde 2 gezek içmek maslahat berilýär. Eger isleseňiz bir çaý çemçesi bal goşup bilersiňiz. Onuň netijeli bolmagy üçin 1-2 aý kadaly içmeli.

Zerdeçal

1 çaý çemçesi üwelen zerdeçaly bir käse suwa goşup, gaýnatmaly we ony birnäçe hepde günde iki gezek içmeli.

Tozga

Bir käse ýyly suwa guradylan tozgadan bir datly çemçesi goşup, demläň. Bu ösümlik çaýyny birnäçe hepdäniň dowamynda içmek maslahat berilýär. Göwreli ýa-da süýji keselliler tozgadan daşda durmaly.

Gök çaý

Günde 2-3 käse gök çaý içmek bagyr ýaglanmasy üçin peýdalydyr.

Bakja önümleri

Bagyr ýaglanmasyndan ejir çekýänler bakja we miwe önümleri ýaly süýmli azyklary sarp etmegä üns bermeli we günde 5 porsiýa bakja we gök önümlerini ýmek maslahat berilýär.

Brýussel kelemi, sogan, poroý sogany, bamiýa, kädi, ysmanak, turp, fasol, brokoli ýaly bakja önümleri düzümindäki ýokary süým mukdary bilen iňňän peýdalydyr.

Sarymsak

Çig sarymsak bagyry goraýar we ýagly bagyr keselleri üçin iňňän peýdalydyr. Çih sarymsak iýmeklik, bagyr ragyndan hem goraýar.

Zenjebil we Zerdeçal

Ýagly bagyr hassalygy bolan adamlarda bagyryň bejerilmegi we holesteroly, ganyň düzümindäki süýjini we iriňi azaltmak üçin peýdalydyr.

Ginkgo biloba

Ýagly bagyr hassalygy üçin peýdaly witamindir.

Ženşen

Bagyry bejermek üçin peýdalydyr. Emma ženşeniň dermanlara reaksiýa bildirme ähtimallygy bardyr.

Maşk etmek

Bagyr ýaglanmasy bolan adamlar kadaly ýöremeli we maşk etmelidir. Günde kadaly ýöremek bagyryň ýaglanmagynyň öňüni alýar.

Garamandalak

Serroz ýaly bagyr kselleri üçin peýdaly ösümlikdir.

Çopanetlpek

Çopantelpek çaýyny her gün kadaly içmek, bagyr ýaglanmasynyň öňüni almak üçin maslahat berilýär. Çopantelpek çaýy kadaly içilen halatynda has netijeli bolýar we şeýle biynjalyklyklary ortadan aýyrýar.

Alkogolly içgileri içmäň!

Tebigy azyklar

Bagyryň işini ýeňletmek üçin tebigy azyklar sarp edilmeli, mümkin boldugy saýyn gaty azyklardan çetde durmaly.

Hoz, funduk ýagly tohumlar ýygydan sarp edilmeli.

Ýene degişli makalalar

Bagyr ýaglanmasynyň öňüni almagyň tebigy ýollary…
Saglyk baýlyk
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Ýaşlar ligasy ― 2022: 8-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler