Angela Merkel Nansen baýragyna mynasyp boldy

Germaniýanyň ozalky Kansleri Angela Merkel Ženewada geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda bosgunlaryň hukuklaryny goramak boýunça bitiren hyzmatlary üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň edarasy tarapyndan her ýyl gowşurylýan Nansen baýragy bilen sylaglandy.

Baýrak gowşurylyş dabarasynda Merkel bu abraýly baýragy 2015-nji we 2016-njy ýyllardaky migrasiýa kynçylyklarynda siriýaly bosgunlara ýardam berenlere bagyşlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem Angela Merkel bosgunlaryň hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdy.

Ol özüne berlen baýragyň 150 müň dollaryny dört sebit laureatlaryna, şol sanda 50 ýyl bäri Kosta-Rikadaky bosgunlara kömek edip gelýän zenana we yrakly lukman zenana berdi. Bosgunlaryň hukuklaryny goramak boýunça gowşurylýan Nansen baýragy bosgunlaryň hukuklaryny gorap çykyş eden norwegiýaly alym Fritof Nanseniň hormatyna 1954-nji ýylda esaslandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Angela Merkele BMG-niň bosgunlar boýunça baýragy gowşuryldy
“Türkiýe, Ýakyn Gündogar Ýurtlaryndan Gelen 3,8 Million Bosguny Kabul Etdi”
Dünýä ýurtlarynyň prezidentleri günde näçe sagat ýatyp ukusyny alýarlar
G-20-ä Agza Ýurtlaryň Liderleri Rimde Duşuşar
“Diplomatiýa Arkaly Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagynyň Öňü Alnyp Biliner”
Putin Bilen Merkel, Belarus-Polşa Serhedinde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy