“Türkiýe, Ýakyn Gündogar Ýurtlaryndan Gelen 3,8 Million Bosguny Kabul Etdi”

“Türkiýe, Ýakyn Gündogar Ýurtlaryndan Gelen 3,8 Million Bosguny Kabul Etdi”

Germaniýanyň ozalky Federal Kansleri Angela Merkel, Türkiýäniň bosgun krizisinde uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy.

Angela Merkel, 2015-2016-njy ýyllarda bosgun krizisiniň başdan geçirlen döwründe basyş we zulum astyndaky 1,2 milliondan gowrak bosguny ýurduna kabul ededigi üçin “Nansen Bosgun” baýragyna laýyk görüldi.

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirlen baýrak gowşurlyş dabarasynda çykyş eden Merkel haýyr sahawady söýüjilere we jemgyýetçilik guramalaryna sagbolsun aýtdy.

Ýurtlaryndan daş ýere gitmek islemeýän bosgunlara Türkiýäniň ýer eýeçiligini edýändigini aýdan Merkel “Türkiýe, Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan gelen 3,8 million bosguny kabul etdi” diýdi.

Türkiýäniň bosgun krizisinde Germaniýa bilen deňeşdirilende has uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýdan Merkeli bosgunlaryň howpsyz ýagdaýda ýurtlaryna dolanmagy meselesiniň çözülmelidigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Angela Merkel Nansen baýragyna mynasyp boldy
Angela Merkele BMG-niň bosgunlar boýunça baýragy gowşuryldy
Dünýä ýurtlarynyň prezidentleri günde näçe sagat ýatyp ukusyny alýarlar
G-20-ä Agza Ýurtlaryň Liderleri Rimde Duşuşar
“Diplomatiýa Arkaly Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagynyň Öňü Alnyp Biliner”
Putin Bilen Merkel, Belarus-Polşa Serhedinde Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy