Angliýanyň futbol ligasynyň Kubogynyň final duşuşygy Türkmenistan: Sport teleýaýlymynda görkeziler

Angliýanyň futbol ligasynyň Kubogynyň final duşuşygy Türkmenistan: Sport teleýaýlymynda görkeziler

Angliýanyň futbol ligasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ykbal kesgitleýji duşuşygy 27-nji fewral güni Uembli stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21:25-de başlanar.

Liwerpul bilen Çelsiniň arasynda geçiriljek bu duşuşygyň Türkmenistan: Sport teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda alnyp görkeziljekdigini TFF resmi saýtynda habar berdi.

Finala barýan ýolda Ýurgen Kloppuň şägirtleri Norwiç Sitiden 3:0, Preston Nort Endden 2:0 hasabynda rüstem geldiler. Çärýek finalda Sanderlendi 5:1, ýarym finalda Arsenaly 2:0 hasabynda ýeňen Liwerpul indi finalda Çelsiniň garşydaşy bolar.

Tomas Tuheliň şägirtleri bolsa Aston Willa, Sautgempton, Brentford we Tottenhem toparlaryny birme-bir geçip, finala çenli geldi.

Final duşuşygynyň ýeňijisi eger çempionatda Çempionlar ligasyna we Ýewropa ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedik bolsa, geljek möwsümde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasyna gatnaşmak hukugynuň eýesi bolar.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Iki oýunda 9-0 we 129 ýylyň iň ýaramaz netijesi
UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji çärýek finalçylar belli boldy