Liwerpul 2021/22 möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň iň erkli topary boldy

Liwerpul 2021/22 möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň iň erkli topary boldy

Liwerpul Angliýanyň premýer-ligasynyň 33-nji tapgyrynyň myhmançylykdaky duşuşygynda Birmingemiň Aston Willasyny 2:1 hasabynda utdy.

Oýnuň dowamynda Ýurgen Kloppuň şägirtleri garşydaşlarynyň yzyndan ýetmek üçin yhlas görkezmeli boldular. Üçünji minutda Aston Willanyň ýarym goragçysy Duglas Luis hasaby açdy. Üç minutdan soň, goragçy Joel Matip hasaby deňledi, 65-nji minutda bolsa hüjümçi Sadio Mane oýnuň jemleýji hasabyny çykardy.

Liwerpul şu möwsümde hasapda asgyn gelen oýunlarynda 14 utuk toplamagy başaryp, Optanyň habar bermegine görä, agzalan görkeziji boýunça Angliýanyň çempionatynyň öňbaşçysy hasaplanýar.Liwerpul 36 oýundan soň 86 utuk toplap, APL-yň turnir jedwelinde ikinji ýeri eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi mälim edildi
Angliýanyň futbol ligasynyň Kubogynyň final duşuşygy Türkmenistan: Sport teleýaýlymynda görkeziler