Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy

Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy

Bornmut toparynyň baş tälimçisi Skott Parker Ýurgen Kloppyň altynjy pidasyna öwrüldi.Has takygy, Parker Ýurgeniň baş tälimçiligindäki Liwerpuldan kabul edilen ýeňlişiň yzysüre işinden boşadyldy.Ol Klopp Liwerpula geleli bäri Ýurgen sebäpli işden kowulan APL-daky altynjy hünärmen boldy.

Mundan ozal Françesko Gwidolin (Suonsi, 2016ý.), Slawen Biliç (West Hem, 2017ý.), Slawişa Ýokanowiç (Fulhem, 2018ý.), Žoze Mourinýo (Mançester Ýunaýted, 2018ý.) we Marko Silwa (Ewerton, 2019ý.) dagy şeýle kysmata sezewar bolupdylar.

Maglumat üçin, 41 ýaşly Skott Parker 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Bornmuta tälim berip gelýärdi. Topar onuň golastynda geçen möwsümde Çempionşipde ikinji orny eýeläp, premýer-liga dolandy. Ol APL-yň üçünji tapgyryndan orun alan Liwerpul bilen oýunda toparynyň 9:0 hasabynda ýeňlişe sezewar bolandygy sebäpli, wezipesinden boşadyldy.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji çärýek finalçylar belli boldy
Angliýanyň futbol ligasynyň Kubogynyň final duşuşygy Türkmenistan: Sport teleýaýlymynda görkeziler