Iki oýunda 9-0 we 129 ýylyň iň ýaramaz netijesi

Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” 30-njy tapgyryň galdyrylan iň esasy duşuşygynda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedi” kabul etdi.Duşuşykda ýer eýeleri 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Liwerpula” ýeňiş getiren gollary 5-nji minutda Luis Dias, 12-nji martdan bäri gol geçirip bilmeýän Mohamed Salah (22, 85) hem-de Sadio Mane geçirdi. Şeýlelikde, Ýurgen Kloppuň şägirtleri 4 günüň dowamynda Mançester şäheriniň 2 wekilinden hem üstün çykmagy başardy.

Möwsümiň 1-nji duşuşygynda-da “Liwerpul” güýçli bäsdeşini, köne garşydaşyny myhmançylykda 5-0 ýeňipdi.Iki oýnuň netijesi boýunça bir möwsümde “Mançester Ýunaýted” “Liwerpuldan” 9-0 asgyn geldi. “Mançester Ýunaýted” taryhynda 2-nji gezek bir topardan 2 oýnuň netijesi boýunça şeýle uly hasap bilen utulýar.

Mankunianlar mundan 129 ýyl ozal, 1892/93 möwsüminde “Sanderland” toparyndan 2 oýnuň netijesi boýunça 11:0 utulypdylar.

Ýene degişli makalalar

Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
Liwerpul 2021/22 möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň iň erkli topary boldy
11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi