“Liwerpul” 10-njy gezek finalda çykyş eder

UEFA Çempionlar Ligasynda ilkinji finalçy belli bolup, iňlis kluby “Liwerpul” finala adyny ýazdyrdy.Angliýada 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Liwerpul” myhmançylykda hem “Wilýarrealdan” üstün çykmagy başardy.

Oýnuň 1-nji ýarymynda aljyraňňy ýagdaýa düşen iňlis kluby ýer eýeleriniň 2 goluna çäre tapyp bilmedi.Birinji ýarymyň başynda Bulaýe Dia (3), ahyrynda-da Fransis Koklin (41) tapawutlanyp, “Wilýarreal” topary umumy hasaby deňlemegi başardy. 2-nji ýaryma Diego Žotanyň ornuna Luis Diazy bilen oýna başlan Ýurgen Kloppuň bu taktiki üýtgeşikligi öz oňyn miwesini berdi. 62-nji minutda Salahyň pasyny alan Fabinio batly urgy bilen hasaby 2-1-e ýetirdi. 67-nji minutda-da Trent Aleksander-Arnoldyň pasyndan soň Luis Diaz kelle urgysy bilen hasaby deňledi.

Duşuşygyň 74-nji minutynda-da Sadio Mane oýna soňky nokady goýup, toparyna ýeňiş getiren futbolçy boldy.Oýnuň 85-nji minutynda Etienn Kapu gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.Ol topardaşlarynyň geçiren 2 golunyň hem pasyny beripdi.

Şeýlelikde, “Liwerpul” topary Kloppuň tälimçiliginde 3-nji, umumylykda 10-njy gezek finala adyny ýazdyrdy. “Liwerpul” 10 gezek finala çykan 4-nji topar bolup, ondan öňde 16 gezek finala çykan “Real Madrid” bilen 11 gezek finalda oýnan “Milan” hem-de “Bawariýa” toparlary bar. Şeýle-de iňlis klublary 25-nji gezek finala çykdy.

Iňlisler mundan öňki 24 finalyň 14-sinde kubogy eýeläpdiler.

Maneniň goly “Liwerpulyň” şu möwsümdäki 57-nji duşuşykda 139-njy goly bolup, bu ugurda klubuň rekordy täzelendi. Ozalky rekord 1985/86 möwsümindäki 138 goldy.

Ýene degişli makalalar

Liwerpul 2021/22 möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň iň erkli topary boldy
16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
"Liwerpul" "Wilýarrealy" ýeňip, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
Iki oýunda 9-0 we 129 ýylyň iň ýaramaz netijesi
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy