Angliýada ýylyň tälimçisi ― Ýurgen Klopp!

Angliýada ýylyň tälimçisi ― Ýurgen Klopp!

Ýurgen Klopp Angliýanyň Premýer-ligasynyň tamamlanan möwsüminiň iň gowy tälimçisi saýlanyldy. Onuň topary ― Liwerpul çempion Mançester Sitiden 1 utugy az toplap, kümüş medalyň eýesi boldy.

Şeýlelikde, 54 ýaşly nemes tälimçi karýerasynda ikinji gezek APL-niň bir möwsümindäki iň gowy tälimçi saýlanyldy. Ol ozal bu başarnyga 2020-nji ýyla eýe bolupdy.

Ýeri gelende aýtsak, bu baýrak Aleks Fergýusona 11, Arsen Wengere, Žoze Mourinýo we Pep Gwardiola 3 gezek berildi.

Liga tälimçileri assosiasiýasy hem Ýurgen Kloppy ýylyň iň gowy tälimçisi hökmünde ykrar etdiler.

Ýene degişli makalalar

Klopp alty sany tälimçini işden kowdurdy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
100-nji Super Kubogyň eýesi “Liwerpul”