100-nji Super Kubogyň eýesi “Liwerpul”

Angliýanyň Super Kubogyna “Liwerpul” topary mynasyp boldy. 100-nji gezek oýnalan “FA Community Shield” duşuşygynda çempion “Mançester Sitini” Trent Aleksander-Arnoldyň (21), Mohamed Salahyň (81 p) hem-de täze transfer Darwin Nunýesiň (90+4) gollary bilen 3-1 ýeňen “Liwerpul” 16-njy gezek bu kubogy eýelemegi başardy. “Mançester Sitiniň” ýeke-täk goluny täze transfer Hulian Alwares (70) geçirdi.

Mundan öň soňky gezek 2006-njy ýylda bu kubogy eýelän “Liwerpul” topary bu ugurda “Mançester Ýunaýtedden” (21) soň 2-nji ýerde barýar. “Liwerpuldaky” 7-nji, karýerasyndaky 12-nji kubogyny gazanan Ýurgen Klopp kärdeşi Pep Guardiolany özara 25-nji duşuşykda 11 gezek ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Bu görkeziji boýunça Klopp beýleki kärdeşlerinden öňde barýar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
“Liwerpul” 10-njy gezek finalda çykyş eder
16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi mälim edildi
“Mançester Siti” ilkinji gezek finalda, Guardiola 7-nji tälimçi
"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi