Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri

Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri

17 21-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly we beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň gatnaşmagynda medeni-köpçülik çäreleri geçirildi.

Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti doganlyk ýurduň paýtagtyna saparynyň ilkinji gününde Türkiýäniň Saz we şekillendiriş sungaty uniwersiteti bilen tanyşdylar. 19-njy aprelde ir säher bilen Ankara şäherindäki Türkmenistan medeni-dynç alyş seýilgähi baýramçylyk öwüşginlerine beslendi.

Seýilgähiň merkezinde ýerleşýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül çemenleri goýuldy.TÜRKSOÝ-nyň ştab-kwartirasynda guralan ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi-de köp adamly boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda dünýä siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan gadymy topragyň aýratynlyklary, onuň öwrenilişi, ylymdaky orny barada giňişleýin söhbet edildi.

TÜRKSOÝ, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet hem-de doganlyk döwletiň Medeniýet we syýahatçylyk ministrlikleri tarapyndan bilelikde guralan Türki dünýäniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy atly konsertde türkmen sungatynyň parlak ýyldyzlary türkiýeli muşdaklara Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdym-sazlardan, folklor eserlerinden ybarat çykyşlar çemenini sowgat etdi.

Ýene degişli makalalar

Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär
Änew şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşýar
Sahnada Gilgameş atly spektakly
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA