Ankarada Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport bäsleşigi geçirildi

7-nji dekabrynda Ankaranyň “Konk Halı Saha” sport toplumynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen we daşary ýurtly talyplar, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Ankarada akkreditirlenen Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen bu bäsleşik diňe bir sport çäresi bolman, eýsem döwletara parahatçylygyň we hoşniýetliligiň nyşanyna öwrüldi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere Ilçihana tarapynda degişli sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetleriniň adamsynyň soňky ykbaly barada resminama bermeýändigini aýdýar
Türkiýede türkmen aktiwistlerine deportasiýa howpy abanýar, olar açlyk yglan etdi
Türkiýede aktiwistler Sahatowa we Orusowa deportasiýa karary çykdy, muňa resmi şikaýat edildi
MHM hökümet tankytçylarynyň “ýurda getirip jezalandyryljakdygyny” aýdýar
Diňle: Türkiýede tussag edilen iki türkmen aktiwisti aýrybaşga deportasiýa merkezlerine geçirildi
Türkiýede tussag edilen iki türkmen aktiwisti aýrybaşga deportasiýa merkezlerine geçirildi
Türkiýede saklanan türkmen aktiwistlerinde 'saglyk meseleleri' ýüze çykdy