Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankaranyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähinde oturdylan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny geçirildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, Türkiýäniň tanymal ýazyjy-şahyrlary we jemgyýetçilik işgärleri, talyp ýaşlar, türkmen diasporasynyň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň ösüşindäki aýratyn ornuny nygtadylar. Şeýle hem gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen şygar bilen geçirilýän ýylyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.

Dabara gatnaşyjylarynyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň özbaşdak döwletde erkin we bagtyýar ýaşamak baradaky arzuwlary häzirki wagtda hakykata öwrüldi.Munuň özi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasyny goýan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde gazanyldy we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy
Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy we SHOM jemgyýetçilik birleşigi bilen halkara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdiler
Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörüşi gurnady
Daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäreler
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte Türkiýede saparda bolýar