Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä atçylyk pudagynyň hünärmenleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýyl Türkmenistanda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen şygar bilen geçirilýär.

Nygtalyşy ýaly, maksada okgunly türkmen bedewiň keşbi Türkmenistanyň häzirki ösüş depginini, ýurduň täze üstünliklere tarap ynamly hereketini we dinamiki ösüşini alamatlandyrýar.Bu şygar ýakyn geljek üçin ösüş ugruny kesgitledi we 2026-njy ýylyň dowamynda syýasy, medeni we jemgyýetçilik çäreleriniň durmuşa geçirilmegi üçin ugur görkeziji boldy. Çykyşlarda aýratyn üns ahalteke bedewiniň milli buýsanjy hökmünde ähmiýetine gönükdirildi.

Täze taryhy döwürde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan yzygiderli işler netijesinde, behişdi bedewler hasaplanýan ahalteke bedewi Türkmenistanyň esasy buýsanjynyň birine öwrüldi we döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem, çäräniň çäklerinde ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosergi hem guraldy.

Onda meşhur ahalteke bedewleriniň gözelligini, nepisligini we taryhy ähmiýetini açyp görkezýän özboluşly suratlar görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Arkadag futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkiýäniň Agry dagynyň depesine galdyryldy
Rumyniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi
Kompozitor kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy
Pakistan Türkiýe bilen howpsuzlyk boýunça edýän hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak isleýär