Ankarada türkmen gazynyň ähmiýeti nygtaldy, gaz geçiriji taslamasynyň geljegi aýdyňlaşdyrylmady

Ankarada türkmen gazynyň ähmiýeti nygtaldy, gaz geçiriji taslamasynyň geljegi aýdyňlaşdyrylmady

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä amala aşyran saparynyň çäginde, esasan iki ýurduň degişli pudaklaýyn edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan, 13 sany resminama gol çekildi.

Emma 25-26-njy oktýabr aralygyndaky saparyň gün tertibinde has köp agdyklyk etjekdigi çaklanylan energiýa meseleleri, ýagny türkmen gazyny Türkiýäniň üsti bilen günbatar ugruna akdyrmak boýunça anyk ädimler ýa-da ýol kartasy barada hiç zat aýdylmady. Energiýa bilermenleri türkmen tarapynyň bu ugurdaky beýanatlaryna garamazdan, iş ýüzünde oňaýly ädimleri etmeýändigini aýdýarlar.

Geçen ýyl Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagynyň yz ýany, Ýewropa Bileleşigi Moskwa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň fonunda özüniň energetika importlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda tagalla edip başlady. Munuň yzy bilen-de, 2022-nji ýylda Ankara soňky ýigrimi ýylda ilkinji gezek Azerbaýjanyň üsti bilen türkmen gazyny satyn almagyň ugurlaryna seredýändigini mälim etdi.

26-njy oktýabrda Ankarada türkmen we türk prezidentleriniň gatnaşmagynda gurnalan metbugat ýygnagynda, prezident Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistanyň baý energiýa zapaslarynyň bardygyna ünsi çekdi we “häzirki ýagdaýlarda” türkmen gazynyň Türkiýä, onuň üsti bilen-de halkara bazarlaryna çykarylmagynyň “aýratyn bir strategiki ähmiýete eýe bolandygyny” aýtdy.

Ol munuň bilen bagly, gerek bolsa öz ýurdunyň Türkmenistan bilen ikiçäk, gerek bolsa-da Azerbaýjanyň gatnaşmagyndaky üç taraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy. Türk prezidenti bu hyzmatdaşlygyň netijesinde energiýa howpsuzlygyna birlikde goşant goşmagy göz öňünde tutýandyklaryny hem belledi.

“Duşuşygymyzyň dowamynda Hazaryň üstünden geçýän Günbatar-Gündogar korridorynyň kämilleşdirilmegi boýunça garaýyşlarymyzy paýlaşdyk. Türkmenistan bilen Türkiýäniň köp mesele babatynda meňzeş garaýyşlarymyzyň bardygyny gördük” diýip, Erdogan belledi.

Emma munuň bilen bagly anyk gelnen kararlar, proýektiň mümkin ýol kartasy barada hiç zat aýdylmady. Berdimuhamedow hem çykyşynda diňe türkmen energiýa resurslarynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtmak bilen çäklendi.

Türkmenistan onlarça ýyl bäri gürrüňi edilip gelinýän Hazarüsti taslamasy arkaly Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňry hem, Ýewropa ýurtlaryna ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaz eksport etmäge isleg bildirýändigini öňe sürýär.

Ýöne energetika ekspertleri häzirki bar bolan gaz geçiriji infrastrukturalary bilen munuň mümkin däldigini, üstesine köp mukdarda türkmen gazyny Azerbaýjandan aňry Ýewropa ibermek üçin täze gaz geçirijilere zerurlygyň bardygyny belleýärler.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” energiýa howpsuzlygy boýunça barlag guramasynyň eksperti Jon Roberts 26-njy oktýabrda Azatlyk bilen geçiren söhbetdeşliginde, Aşgabadyň bu taslama babatda diňe umumy sözler bilen çäklenýändigini, şol bir wagtda taslamanyň iş ýüzünde amala aşmagy boýunça hiç bir tarap bilen möhüm gepleşikleri alyp barmaýandygyny aýtdy.

Galyberse-de, bu taslamanyň bir tarapy bolmaly Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew milliardlarça dollara durjakdygy çaklanylýan bu proýektiň maliýe meselesine hem ünsi çekýär. Iýulda eden çykyşynda ol taslamany maliýeleşdirjek taraplar mälim bolmazdan, onuň durmuşa geçirilmegini sorag astyna alypdy.

Berdimuhamedowyň saparynyň netijeleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Erdogan hususan-da Türkmenistany Türki Döwletler Guramasynyň doly derejeli agzasy hökmünde görmek isleýändigini “ýene bir gezek” tekrarlady.

Ýatlatsak, özüniň bitaraplyk statusyna salgylanyp halkara guramalara agza bolmakdan çetde saklanyp gelýän Türkmenistan, 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkiýäniň howandarlygyndaky bu gurama synçy agza hökmünde kabul edilipdi.

Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkiýe bu guramanyň doly hukukly agzasy, Türkmenistan we Wengriýa synçy agzasy bolup durýar. 2009-njy ýylda “Türki geňeş” hökmünde esaslandyrylan gurama türki dilli döwletleriň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlyga ymtylýar.

26-njy oktýabrdaky metbugat ýygnagyndan soň, Erdogan türkmen kärdeşine kangal itiniň güjügini, Berdimuhamedow hem öz gezeginde alabaýyň güjügini sowgat berdi.

Resmi maglumata görä, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 2.06 milliard dollara deň bolupdyr. Türk resmileri şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça bu görkezijiniň 2.1 millard dollara deň bolandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Gazagystanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi
Prezident Erdogan türki döwletlerden gelen çagalar bilen duşuşdy
Kuweýdiň Emiri Türkiýä Geldi
Erdogan Yrakdan PKK-ny Terror Guramasynyň Sanawyna Goşmagyna Garaşýandyklaryny Aýtdy