Antalýa Geçen Ýyl 15 Million 689 Adam Geldi

Antalýa Geçen Ýyl 15 Million 689 Adam Geldi

Antalýa geçen ýyl daşary ýurtly 15 million 689 müň 258 syýahatçy geldi.

Dünýäniň tanymal syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýa syýahatçylaryň sany taýdan 2023-nji ýylda rekord goýdy.

Şäherde 2019-njy ýylda 15 million 280 müň 763 syýahatçy bilen rekord goýlupdy.

Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 31-nji dekabry aralygynda şähere daşary ýurtly 15 million 689 müň 258 syýahatçy geldi.

Antalýa geçen ýyl köp syýahatçy Russiýadan geldi.

Russiýa Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 3 million 461 müň 762 adam bilen esasy orun eýeledi.

Russiýadan soň sanawda 3 million 363 müň 510 adam bilen Germaniýa ikinji, 1 million 318 müň 215 syýahatçy bilen Britaniýa hem üçünji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Medeniýet Ýoly Festiwaly 16 Şäherde Geçirler
2023-nji Ýylyň Iň Gelim-Gidimli Şäheri Stambul Boldy
Bahamanyň Baýdagyny Göterýän Kruiz Gämisi Antalýa Geldi
Antalýa Syýahatçylykda Täze Rekord Goýdy
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Ermenistan Türkiýe Bilen Serhediň Gysga Möhletde Açylmagyny Isleýär
Antalýa ýylyň ilkinji iki aýynda rekord derejede daşary ýurtly syýahatçy geldi