Antalýada güýçli çabga ýagyp, sil joşmalary döredi

Antalýada güýçli çabga ýagyp, sil joşmalary döredi

Türkiýäniň Antalýa şäherinde güýçli ýagynlar netijesinde çabga döräp, bir adam pida boldy. Şäheriň käbir etraplarynda mekdepler we çagalar baglary ýapyldy diýip, Ekonomim gazetine salgylanýan Izwestiýa habar berdi.

Käbir obalarda öýleri we kärhanalary suw basdy, şäherde ulag gatnawynda päsgelçilik emele geldi. Motosikllerde hereket gadagan edildi.

Antalýanyň paýtagt edarasynyň häkimi Muhittin Böcek ýaşaýjylara öýlerinde galmagy maslahat berdi.

Häzirki wagtda Antalýada halas edijileriň 248-si işleýär. 900 töweregi adam suwa gark bolan ulaglardan halas edildi.

Çabgalar 12-nji fewralda başlap, gije has-da güýçlendi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer-ministri Rama bilen duşuşdy
Hytaýdaky altyn ýeňiş we Mongoliýadaky bürünç üstünlik: Maýsa Pardaýewanyň taryhy sepgidi
Antalýada gonuş wagty ýolagçy uçaryň hereketlendirijisi ýandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Manamada geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş edýärler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny