Antarktidada howa rekord derejede maýlady

Antarktidada howa rekord derejede maýlady

Antarktidada Ukrainanyň “Akademik Wernadskiý” stansiýasy temperatura rekordyny hasaba aldy. Milli Antarktika ylmy merkeziniň Facebook sahypasynda habar bermegine görä, temperatura Selsiý boýunça +12,7 gradusa çenli ýokarlandy.

Adatdan daşary ýylama “Wernadskiden” demirgazykda ýerleşen King-Jorj adasyndaky beýleki Antarktika stansiýalarynda hem hasaba alyndy.Alymlar temperaturanyň ýokarlanmagyny “atmosfera derýasynyň” hadysasy bilen baglanyşdyrýarlar bu atmosfera çyglylygynyň ýokary konsentrasiýasy bolan dar zolak bolup, ol tropiklerden ýyly howa massalaryny we çyglylygy Antarktida çalt geçirýär.

Hadysa “dag feniniň” täsiri bilen hasam güýçlendi. “Dag feni” diýlip, daglardan gelýän ýyly şemala aýdylýar.Mundan öňki rekord 1985-nji ýylda hasaba alyndy, şonda temperatura Selsiý boýunça 11,7 gradusa çenli ýokarlandy.

Alymlar howanyň üýtgemegine subutnamalaryň biri bolandygy sebäpli, şeýle temperatura rekordlarynyň alada goýýandygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Tasmaniýada ýüzlerçe läheň özüni saý kenara taşlady
Nigeriýada ýoldaky dyknyşykda 100 ulag ýandy
Nepalda güýçli ýer titreme boldy
Hytaýda heläkçilige uçran uçaryň halas ediş işleri togtadyldy
Ukrainada ýol heläkçiliginde 24 ýaşly türkmenistanly öldi
Akar: "Russiýa-Ukraina dartgynlygyna ýakyndan gözegçilik edýäris" diýdi