Antarktikada arassa energiýadan peýdalanylar

Soňky ýyllarda energiýanyň arassa çeşmelerini özleşdirmek üçin taslamalar durmuşa geçirilýär.Planetamyzyň iň sowuk yklymy bolan Antarktikada oturymly ilat ýok hem bolsa, bu ýerde hemişe iş alyp barýan alymlar ýaşaýar.

Dünýäniň iň sowuk ýerinde dürli ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri hereket edýär.Täze Zelandiýa we ABŞ Antarktikada ýel turbinaly bekedi gurmagy meýilleşdirýär. Ýel beketleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan EWT kompaniýasy bu ýerde ýel bekedi gurmak üçin ýokarda agzalan ýurtlar bilen şertnama baglaşdy.

Ylalaşygyň çäklerinde Ross adasynda ýelden energiýa öndüriler.EWT kompaniýasy üç sany DW54X-1MW atly ýel turbinasyny üpjün eder.Bu turbinalaryň perleriniň diametri 54 metre, beýikligi 40 metre barabar.

Taslamanyň 2028-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Täze guruljak ýel bekediniň her biri häzirki wagtda bu ýerde hereket edýän üç turbinanyňka barabar energiýa öndürer.

Nazardurdy ORAZDURDYÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Antarktikada iň uly buz bölegi gopdy
Dünýädäki iň uly aýsberg eredi
Antarktika we Antarktida
Iň uly aýsberg buz mozaikasyna öwrülýär
Guşlar magnit meýdanyny nädip tapýarlar?