Antoniu Guterriş Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi

Antoniu Guterriş Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi

HHR-iň Başlygy Si Szinpin, ýurduň paýtagty Pekin şäherinde geçirilýän III Bir guşak, bir ýol forumy mynasybetli Hytaýa gelen BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Si Szinpin duşuşykda Bir guşak, bir ýol başlangyjynyň we Global galkynyş başlangyjynyň ähli ýurtlaryň umumy galkynyşy üçin oňyn energetika emele getirmegi we BMG-nyň 2030-njy ýyldaky Durnukly ösüş maksatlaryna, ýekeje ýurdy hem galdyrman, ýetmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Hytaýyň lideri mundan başgada ýurdunyň köp polýarly dünýä düzgünini höweslendirmek we global dolanşygy has deňhukukly we adalatly ýagdaýa getirmek üçin BMG bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi isleýändigini habar berdi.

Bir guşak bir ýol başlangyjynyň ösüp barýan ýurtlara durnukly galkynyş üçin möhüm mümkinçilik hödürleýändigini aýdan BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan forumda öňe sürülen 8 maddadan ybarat hereket meýilnamasynyň BMG-nyň maksatlaryna dolulygyna laýyk gelýändigini we ösüp barýan ýurtlaryň galkynyşyny tizleşdirjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

Antoniu Guterriş BMG-nyň Hytaýyň köptaraplaýynlylyk ugrundaky ygrarly çemeleşmesini takdyr edýändigini, Global ösüş, Global howpsuzlyk we Global Medeniýet başlangyçlaryny goldaýandygyny we hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýardygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Wladimir Zelenskiý "Ukraina 2024-nji ýyl" forumynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Guterriş: “Umumyadamzat Ejir Çekýär”
BMG-de 2024-nji ýylyň baş wezipelerini yglan etdiler
Guterriş halkara guramalary özgertmäge çagyrdy