Wladimir Zelenskiý "Ukraina 2024-nji ýyl" forumynda çykyş etdi

Wladimir Zelenskiý "Ukraina 2024-nji ýyl" forumynda çykyş etdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Nikolaýew sebitinde deňiziň açylmagy meselesinde özülerine kömek berip biljekdigine ynanýandygyny habar berdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherindäki "Ukraina 2024-nji ýyl" forumynyň çäginde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Nikolaýew sebitindäki portlardan galla eksportynyň ýaňadandan başlanmagynyň üstünde durup geçen Wladimir Zelenskiý: "Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Nikolaýew sebitinde deňiziň açylmagy meselesinde bize kömek berip biljekdigine ynanýaryn. Türkiyäniň BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Gara deňizde erkin ýüzmek meselesini maslahatlaşýandygyny bilýärin. Biz olar ýaly gepleşiklere taýardyrys. Bu meseläniň Global Parahatçylyk Sammitiniň ilkinji açylyşynda çözüljekdigine ynanýarys" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ukraina, Russiýa Degişli Uçary Urup Düşürdi
Russiýa we Ukraina uçar heläkçiligi bilen bagly biri-birlerini günäkärleýärler
Russiýanyň, Şu Gün Ukraina Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy
"Ukraina uruşy ýurduň beýleki sebitlerine-de ýaýrap biler"
Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň ýitgilerini aýan etdi