Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň ýitgilerini aýan etdi

Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň ýitgilerini aýan etdi

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherindäki "Ukraina 2024-nji ýyl" forumynda geçirilen metbugaty ýygnagynda çykyş eden Zelenskiý: "Bu uruşda ukrainaly 31 müň esger ýogaldy. Bu görkeziji Putiniň we ýalançy töwereginiň aýdyşy ýaly 300 müň ýa-da 150 müň däl. Emma her bir ýitgi biz üçin uly ýitgidir. Rus tarapynda bolsa 180 müň adam ýogaldy" diýip habar berdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ýaralanan ýa-da habarlaşyp bolmaýan ukrainaly esgerler bilen bagly bolsa, duşmanlaryna artykmaçlyk üpjün etmezlik üçin maglumat bermejekdigini beýan etdi. Anneksiýa edilen Ukrainanyň topraklarynda ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildiren Zelenskiý, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň strategiýasynyň ýeňişiň iň gysga wagtda gazanylmagy üçin gizlin saklanjakdygyny mälim etdi.

Wladimir Zelenskiý, Ukrainanyň amala aşyran garşylyklaýyn hüjüm meýilnamasynyň resmi Moskwa tarapyndan hüjümden ozal habarynyň bolandygyna ünsleri çekip: "Emma aýtmak isleýän zadym: geçen ýylyň güýz paslyndaky garşylyklaýyn hüjümimiz başlamadan ozal Kremliň stolundady. Nokat" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Blinken Kiýewe Bardy
Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Zelenskiý: "Has köp howa goranyş ulgamyna zerurlygymyz bar" diýdi
"Ukraina uruşy ýurduň beýleki sebitlerine-de ýaýrap biler"
Russiýanyň, Şu Gün Ukraina Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy