"Ukraina uruşy ýurduň beýleki sebitlerine-de ýaýrap biler"

"Ukraina uruşy ýurduň beýleki sebitlerine-de ýaýrap biler"

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Birleşen güýçleriniň serkerdesi Sergeý Naýew aýtmagyna görä Russiýa ýarag önümçiligini artdyrmaga we elindäki tehnologiýany ýaranlarynyň kömegi bilen özgertmäge dowam eden halatynda harby hereketler Ukrainanyň beýleki sebitlerinede ýaýrap biler. Serkerdäniň çaklamasyna görä şolar ýaly ssenariý Ukrainanyň ýaranlarynyň berýän kömekleriniň mukdaryny azaldan halatynda hem mümkin bolmagy ähtimal.

Sergeý Naýew: "Berilýän kömekleriň azalmagy hem goranyş ukybymyz taýdan sözüň doly manysynda bize zarba bolar. Ondada elimizde näme bar bolsa onuň bilen söweşmäge dowam ederis. Biziň berkitme gurluşygymyz dowam edýär, minalar goýýarys, goşunymyzy taýýarlaýarys" diýip habar berdi.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi Waleriý Zalužnyý hem ozal beren beýanatynda, frontdaky ýagdaýyň erbetleşýändigini, taraplaryň hiç biriniň öňe gidişlik edip bilmeýändigini, sebäbi tehnologik taýdan deň derejedäki zatlara eýediklerini beýan edipdi. General tarapyndan berilen beýanata ser salynanynda, ýagdaý I Jahan urşundaky ýagdaýy ýadyňa salýar.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý frontdaky ýagdaýy erbet hökmünde häsýetlendirip bilmejekdigini habar berdi. Zelenskiýniň aýtmagyna görä resmi Kiýewiň çemeleşmesinde hiç hili üýtgeşiklik ýok, ozalky ýaly Russiýanyň häzirki ýolbaşçylary bilen islendik gepleşigi geçirmegi ret edýär.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň täze Baş ştabynyň başlygy Aleksandr Syrskiý boldy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
Russiýa Bilen Ukraina Ýesir Çalşygyny Etdi
Russiýa we Ukraina uçar heläkçiligi bilen bagly biri-birlerini günäkärleýärler