Russiýa we Ukraina uçar heläkçiligi bilen bagly biri-birlerini günäkärleýärler

Russiýa we Ukraina uçar heläkçiligi bilen bagly biri-birlerini günäkärleýärler

Moskwa düýn 74 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen wakada Kiýewiň jogapkärçiliginiň bardygyny öňü sürdi.

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, düzüminde ukrainaly 65 ýesir bilen birlikde jemi 74 adam bolan rus uçarynyň Ukraina tarapyndan nyşana alynmagynyň elhenç bir aksiýadygyny beýan etdi.

"Resmi Kiýewiň jenaýat esasly aksiýalary bilen baglanşykly halkara derejede derňew geçirilmegi zerur" diýip aýdan Peskow, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşini meseläni maslahatlaşmak üçin gyssagly maslahat geçirmäge çagyrdy.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bolsa uçary Moskwanyň ýere gaçyrandygyny beýan etdi.

Sosial mediadan beren beýanatynda, meseläni Ukrainanyň Goranmak ministri, Baş ştabyň başlygy we razwedka gullugynyň resmileri bilen maslahatlaşandygyny aýdan Wladimir Zelenskiý: "Ruslar ukrainaly ýesirleriň janlary we olaryň dogan-garyndaşlarynyň duýgulary bilen oýnaýarlar. Ukrainanyň jemgyýetine basyş etmek isleýärler" diýip habar berdi.

Ýygnalan maglumatlaryň paýlaşyljakdygyny aýdyp, halkara derejede derňew geçirilmegini islän Zelenskiý, howp hökmünde görülen uçarlaryň ýok ediljekdigini beýan etdi.

Düýn Russiýanyň Belgorod sebitinde ýere gaçan IL-76 kysymly rus uçaryň içinde, çaknyşyklarda zamun alynan ukrainaly 65 esger, 6 adamdan ybarat ekipaž we ýoldaşlyk edýän 3 adam bardy. Wakada uçaryň içindäki adamlaryň ählisiniň ýogalandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
Zelenskiý: "Trump Putiniň tarapyny tutýar" diýdi
Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň ýitgilerini aýan etdi
Wladimir Zelenskiý "Ukraina 2024-nji ýyl" forumynda çykyş etdi