Zelenskiý: "Trump Putiniň tarapyny tutýar" diýdi

Zelenskiý: "Trump Putiniň tarapyny tutýar" diýdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ABŞ-daky öňümizdäki prezident saýlawynda dalaşgär bolmagy meýilleşdirýän Donald Trampyň, Ukrainadaky uruş we Waşingtonyň Kiýewe berýän goldawy bilen bagly garaýyşlary sebäpli aladalanýandygyny beýan etdi.

Zelenskiý CNN telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Trampy Ukrainany Russiýa garşy göreşindäki goldawyny dowam etdirmek islemeýändigi sebäpli tankyt etdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Trumpyň rus lideri Wladimir Putiniň öz ýurduna garşy alyp barýan uruşynyň asyl sebäplerine düşünmeýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň ozalky prezidentiniň Putini özi ýaly tanamaýandygyny aýdan Zelenskiý: "Donald Tramp nähili Putiniň tarpyny tutup bilýär, şoňa düşünemok. Bu ynanyp boljak zat däl" diýip belledi.

Ukrainanyň lideri Trampyň Putiniň Ukrainadaky uruşy dowam etdirmek babatyndaky tutanýerliligine pes baha berýändigini aýtdy. Zelenskiý: "Onuň bilen duşuşandygyny bilýärin, emma özi hiç wagt Putin bilen uruşmady. ABŞ-nyň goşuny hiç wagt rus goşuny bilen uruşmady. Hiç wagt. Men bolsa has gowy düşünýärin. Onuň Putiniň asla durmajakdygyny bilýändigini pikir etmeýärin" diýip nygtady.

Saýlanan halatynda Russiýany goldamagynyň bolup biljek netijelerine ünsi çeken Ukrainanyň prezidenti, şeýle ädimiň Amerikan halkynyň bähbidine ters boljakdygyny aýtdy.

Trump ozal Ukraina we Ysraýyl ýaly beýleki ýurtlara mugt kömek bermäge garşydygyny we maliýeleşdirilmeli bolsa karz görnüşinde bolmalydygyny öňe sürüpdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Ukraina: "Russiýa 5 aýry sebitdäki energiýa desgalaryna hüjüm gurady" diýdi
Russiýanyň, Şu Gün Ukraina Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy
Russiýa we Ukraina uçar heläkçiligi bilen bagly biri-birlerini günäkärleýärler
Russiýa Bilen Ukraina Ýesir Çalşygyny Etdi
Ukrainanyň täze Baş ştabynyň başlygy Aleksandr Syrskiý boldy