Strategy Analytics kompaniýasy 5G mobil aragatnaşygyny goldaýan smartfonlaryň dünýä bazary boýunça çärýekleýin statistiki maglumatlaryny çap etdi. Onda birinji ýeri Apple eýeledi diýip, 3dnews.ru habar berdi.
Hasaplamalara görä, 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde, takmynan, 24.0 million 5G enjam satyldy. Şu ýyl bu görkeziji 133,9 million birlik boldy.Başgaça aýdylanda, üpjünçilik 458% ýa-da alty esse töweregi artdy.
iPhone 12 smartfonlarynyň kömegi bilen Apple 5G-li smartfonlaryny üpjün edijileriň sanawynda birinji ýeri eýeledi.Bir ýyl ozal kompaniýanyň paýy 0% bolan bolsa, häzir ol 30.2%-e ýetdi.
Apple imperiýasy esasy bäsdeşlerini gaty yzda galdyrdy. Şeýlelikde, ikinji ýerde durýan Hytaýyň OPPO smartfony bazaryň 16,1% -ini tutýar. “Vivo” 14,5% paý bilen ilkinji üçlügi jemleýär.Günorta Koreýanyň ägirt uly “Samsung”-y 12,7 göterim bilen dördünji orunda barýar. "Xiaomi" bolsa ilkinji çärýegiň ahyrynda 12,4% paý bilen ilkinji bäşligi ýapýar.
