Dünýädäki iň gowy smartfony

Barselonada geçirilýän “Mobile World Congress 2021” halkara sergisiniň çäklerinde “Global Mobile Awards” (GLOMO Awards) baýraklary gowşuryldy. “Samsung Galaxy S21 Ultra” smartfony iň gowy 5G-li smartfon baýragyny aldy.

Gysga sanawda “iPhone 12 Pro Max”, “OnePlus 9 Pro” we “Xiaomi Mi 11 Ultra” hem bar.Bu telefonlar saýlananda, işleýşi, dizaýny, satuwy, dowamlylygy, programma üpjünçiligi täzelenmeleri ýaly ugurlara baha berildi. “Samsung Galaxy S21 Ultra” 1440 × 3200 durulykda 6,8 dýuýmlyk AMOLED displeýi bar.

Smartfonda “S Pen” stilini goldaýan we täsirli kameralar bar.telefonyň 108 megapiksel sensory bolan esasy kamerasy, iki sany 10 megapikselli kamerasy bar.Olaryň birinjisi portretler üçin, ikinjisi uzakdaky zatlary düşürmek üçin niýetlenedir.

Dördünji kamera adaty 12 megapiksel giň burçda düzüldi.

Ýene degişli makalalar

Mobile tm onlaýn-dükanyna täze Samsung Galaxy S23 we S23+ nusgalary geldi
Mobile tm internet-dükanynda islendik bahadan mobil telefonlary satyn alyp bilersiňiz
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Xiaomi 8 sany meşhur smartfony üçin MIUI 13-i işläp taýýarlamagyny bes eder
Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy