Xiaomi 8 sany meşhur smartfony üçin MIUI 13-i işläp taýýarlamagyny bes eder

Xiaomi 8 sany meşhur smartfony üçin MIUI 13-i işläp taýýarlamagyny bes eder

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy 31-nji oktýabrdan başlap, sekiz smartfon üçin MIUI beta-wersiýalaryny işläp taýýarlamagyny bes eder. Bu barada ITHome portaly habar berýär diýip, gazeta.ru ýazýar.

Şeýlelikde, goldaw berilmesiniň wagty azalýan smartfonlaryň sanawyna Xiaomi 10 Ultra, Redmi Note 9, Note 9 4G, 9 Pro, Redmi 10X, 10X Pro, Redmi K30 5G Extreme Edition we Mi 10T smartfonynyň hytaý wersiýasy hasaplanýan Redmi K30S girdi.

Xiaomi Mi 10T-niň ählumumy bazar üçin goldawy dowam etjekmi ýa ýok, takyk aýdylmaýar. Şol bir wagtda, ITHome-iň belleýşi ýaly, MIUI beta-wersiýanyň üstünde işlenmeginiň bes edilmegi kompaniýa gurluşlaryň özüni goldamakdan boýun gaçyrýar diýmegi aňlatmaýar.

Smartfonlara biraz wagtlap proşiwkalaryň soňky ýygnamalary gelip durar, emma bu modellerde MIUI 14 -iň daş görnüşiniň peýda boljagyna eýýäm kepil ýok.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Uklamazdan öň telefon ulanmagyň zyýanlydygy baradaky pikir ýalana çykaryldy
Xiaomi ýedi sany meşhur modelini könelişen diýip yglan etdi