Aragonda Morbidelli ýeňiş gazandy

Moto GP boýunça möwsümiň 11-nji ýaryşy

Ispaniýanyň Aragon zolagynda geçirildi. 5,1

kilometrlik “Aragon” trassasynda geçirilen 23 aýlawlyk

ýaryşda 1-nji ýeri “Petronas Yamaha” toparynyň italiýaly sürüjisi Franko Morbidelli eýelemegi

başardy. 2-nji hatardan bat alan sürüji

pellehana 41 minut 47,652 sekuntda gelip,

möwsümdäki hem-de karýerasyndaky 2-nji ýeňşini

gazandy. Ondan 2,2 sekunt yza galan “Suzuki

Ecstar” toparynyň ispan sürüjisi Aleks Rins 2-nji orna mynasyp

boldy. Ýeňijiden 5,376 sekunt soň pellehanadan geçen “Suzuki Ecstar” toparynyň

başga bir ispan sürüjisi Žoan Mir münberiň 3-nji

basgançagyna çykdy.

Bu ýaryşdan soň, 137 utukly Žoan Miriň liderligi dowam

edýär. Fransiýaly Fabio Kuartararo 123 utuk bilen 2-nji, 118

utuk toplan ispaniýaly Mawerik Winýales 3-nji ýeri eýeleýär.

Italiýaly Franko Morbidelli bilen Andrea Dowizioso degişlilikde 112 we 109

utuk bilen 4-5-nji orunlary paýlaşýarlar.

Möwsümiň 12-nji bäsleşigi 8-nji noýabrda Ispaniýanyň Walensiýa

şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Miriň ilkinji ýeňşi
Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
Oliweira möwsümi jemledi
Birinji orna çykaran ýeňiş
3-nji ýaryşynda ilkinji ýeňşi
Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri üýtgedi