Aralýaka sebitde hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Aralýaka sebitde hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Golaýda oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn gepleşik geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler we geljekki meýilnamalar barada pikir alşyldy.

Köptaraplaýyn gepleşigiň çäklerinde halkara guramalaryň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň, Türkmensuwylmytaslama institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

Olarda, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda Altyn asyr Türkmen kölüniň ähmiýeti, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygyň kämilleşdirilişi, Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk eden döwründe ýerine ýetirilen işler, tebigaty goramak işlerine jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy, şeýle-de suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary dogrusynda pikir alyşmalara giň orun berildi.

Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap, Merkezi Aziýa sebitinde täze ýerleriň güýçli depgin bilen özleşdirilmegi sebäpli Amyderýanyň we Syrderýanyň Arala guýýan suwy azalyp başlady.Netijede, deňziň meýdany, göwrümi, duzlulygy üýtgedi.

Ol iki bölege — Uly we Kiçi Arala bölünip, deňziň kenarlary käbir ýerlerde 100 — 150 kilometre çenli yza çekildi.Aral deňziniň suw aýtymynyň kiçelmegi bilen, häzirki wagtda Aralgum emele geldi. Çöl, esasan, ownuk duz we çäge bölejiklerinden düzülendir. Şol duzuň düzüminde bolsa oba hojalygynda ulanylan zäherli himiki serişdeleriň, dökünleriň hem-de senagat we durmuşda ulanylan hapa suwlaryň getiren zyýanly maddalary, aerozollar görnüşindäki külke jisimler agdyklyk edýär.

Häzirki wagtda bu ýerden duzly tozanlar ýel arkaly çar tarapa ýaýraýar. Şol tozan Aralgumdan ýüzlerçe kilometr aralyga ýaýrap, tebigy ekoulgamlardyr öri meýdanlaryna, oba hojalyk ekinlerine, şäherdir obalaryň üstüne ýagýar.

Ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ekinleriň hasyllylygynyň we öri meýdanlarynyň önümliliginiň peselmegine getirdi. Amyderýanyň hem-de Syrderýanyň suwunyň azalmagy, suw joşgunlarynyň bolmazlygy, derýalaryň suw basýan kenarlaryndaky jeňňellikleriň meýdanynyň kiçelmegine, ösümliklerdir haýwanlaryň dürli görnüşleriniň ýitip gitmegine getirýär. Olaryň ýerini ýylgyn ýaly gurakçylyga çydamly çöl ösümlikleri eýeleýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Tokaý agaçlary bolsa amatly mikroklimaty döredýär. Sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda Garagumuň jümmüşinde gurlan Altyn asyr Türkmen kölüniň ähmiýeti hem diýseň uludyr. Ol ýere ekerançylykda ulanylan zeý suwlar toplanýar. Munuň özi çöl ekoulgamlarynyň önümliligini ýokarlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak çäredir.

Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça Rio+20 sammitinde we beýleki iri halkara forumlarda öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.Olaryň hatarynda BMG-niň Araly halas etmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda teklip hem bar.

Tutuş adamzady biynjalyk edýän wezipeleri çözmekde daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk uly orun eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suwlary, halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak ýaly biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýalaryny tassyklamagy, milli we sebit derejelerde ekologiýa maksatnamalarynyňdyr taslamalarynyň amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi hem bu syýasatyň miwesidir.

Aralýaka sebitde halkyň sagdyn, abadan durmuşyna gönükdirilen çärelere aýratyn ähmiýet berilýär.Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu babatda ýene-de birnäçe teklipleri öňe sürüp, geljekde ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygyny göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Bu saglygy goraýyş desgalary keselleriň öňüni almak we bejermek üçin giň mümkinçilikleri açyp, Aralyň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini öwrenmäge, okuwlarydyr ylmy we barlaghana işlerini geçirmäge şert döreder.Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça şu ýylyň 3-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Aral deňziniň meseleleri boýunça ylmy-amaly işleri geçirmek babatda beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Aralýaka zolagyny öwrenmek üçin mart aýynda welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna, onuň çägindäki Bötendag belentligine ekspedisiýa guraldy.

Öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary-da Altyn asyr Türkmen kölüniň akaba suwlaryny ulanyp, duza durnukly ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek, Duza çydamly ösümlikleri (galofitleri) we süýji buýany ösdürip ýetişdirmek arkaly, şorlaşan ýerleri özleşdirmek hem-de Zeýkeş suwlaryny ulanmak arkaly, şorlaşan ýerlerde şalyny ösdürip ýetişdirmek mowzuklary boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Aralyň guramagy netijesinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmak babatda işleri yzygiderli dowam etmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy taýýarlanyldy.

Onda sebitiň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça milli derejedäki çäreleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Aral deňziniň suwy çekilip, guran böleginden galýan duzly tozanlar bu sebitde ýaşaýan ilata we ekin meýdanlaryna ýaramaz täsirini ýetirýär.Sebitde gurakçylygyň gaýtalanyp durmagy, toprak-howa şertleriniň agyr bolmagy tebigy çöl we gyrymsy agaçlaryň, otjumak köpýyllyk we birýyllyk ösümlikleriň tohumyndan köpelip ýaýramagyna, boý almagyna päsgelçilik döredýär, çöl ösümliklerine mahsus bolan fenologik ösüşiň yzygiderliliginiň bozulmagyna getirýär.

Bu hadysanyň zyýanly täsiri Sarygamyş kölüniň gündogarynda ýerleşýän Bötendag belentliginiň töweregindäki düzlüklerde topragyň şorlaşmagynda, çölleşmek hadysasynyň güýçlenmeginde, biologik köpdürlüligiň azalmagynda has hem ýiti duýulýar.

Şeýle hadysalaryň öňüni almakda tokaý melioratiw çäreleriniň örän netijelidiginden ugur alnyp, Bötendag belentliginiň töwereginde tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmek bellenildi.Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, bu ýerlerde 2013-nji ýyldan bäri 20 müň gektar meýdany tokaýlaşdyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar.

Munuň özi ýurdumyzyň Aralýaka sebitinde ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna, çölleşme hadysasynyň öňüniň alynmagyna, biodürlüligiň baýlaşmagyna, öri meýdanlarynyň giňelmegine amatly şertleri döredýär. Şunlukda, bu ýerde howa ýagdaýynyň belli bir derejede üýtgemegi netijesinde, oňaýly mikroklimat emele geler we sagdyn daşky gurşaw dörär. Ösümliklerdir haýwanat dünýäsiniň, guşlaryň ýerli we göçýän görnüşleriniň düzümi baýlaşar.

Bu bolsa sebitde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine asylly goşantdyr.

Babageldi KURBANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27578

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýat tokaý hojalygy tarapyndan pürli we ýaprakly agaçlaryň nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirildi
Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli çäreler geçirildi
Ekologiýa howpsuzlygy derwaýys mesele
Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Goraghana goragy
27.12.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Watanymyzyň tebigatynyň gözelligi − tükeniksiz baýlyk