Arassa energiýa 11 göterim ýokarlanar

“The Economist” neşiriniň ylmy barlag bölümi “Economist Intelligence Unit” tarapyndan taýýarlanan “Senagat ýagdaýy” atly hasabatda dürli pudaklara degişli çaklamalar ýaýradyldy.Olaryň arasynda gündelik sarp edilýän harytlar, energiýa, maliýe, saglygy goraýyş, tehnologiýa we syýahatçylyk ýaly ugurlara degişli maglumatlar bar.

Maglumatda geljek ýyl dünýäde alternatiw energiýa çeşmelerine islegiň 11 göterim ýokarlanjakdygy bellenilýär.Munda Aziýa ýurtlaryndaky ösüşiň täsiriniň uly boljakdygy aýdylýar.Alternatiw energiýada, esasan, Gün we ýel maýadarlar üçin hem uly mümkinçilikler döreder.

Hytaý, Hindistan we Indoneziýa ýaly ýurtlarda elektrik energiýasy üçin has köp kömür ulanylyp, onuň mukdaryny azaltmak üçin alternatiw energiýa maýa goýumlaryna has köp üns berilýär.Elektron söwdanyň bolsa, 6,1 göterim möçberinde ösmegine garaşylýar.

Global derejede elektron söwda umumy söwdanyň 14 göterimini emele getirer.Bu bolsa, onlaýn söwdanyň geljeginiň uludygyny görkezýär.

Jumageldi Amangeldiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Türkmenistanda saglyk işgärleriniň güni bellenýär, lukmanlar özleriniň ünsden düşürilýändigini’ aýdýar
Wena ýaşaýyş üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi
Saglyk howpsuzlygy boýunça täze global hasabata görä, Türkmenistanyň epidemiýalara taýýarlygy pes