Arassa ganly: Ferrari Purosangue krossoweri bilen tanyşdyrdy

Arassa ganly: Ferrari Purosangue krossoweri bilen tanyşdyrdy

Ferrari kompaniýasy Ferrari Purosangue krossoweri bilen tanyşdyrdy. Onuň ady arassa ganly diýip terjime edilýär.

Ferrari Purosangue-niň göwrümi 3018 mm teker bazaly ýagdaýda 4973x2028x1589mm bolup durýar. Awtoulagyň agramy 2033 kg, bagažniginiň göwrümi 473 litr, benzin bagynyň göwrümi 100 litr bolup durýar. Awtoulagyň esasy aýratynlyklarynyň biri yzky gapylary bilen bagly, olaryň elektropriwody bar we hereketiň garşysyna giňden açylýarlar. Ferrari Purosangue-yň salony dört adama niýetlenen.

Awtoulag 715 at güýjüne deň bolan täze 6,5 litrlik V12 atmosfera hereketlendirijisine, şeýle hem goşa ssepleniýeli sekiz basgançakly “robota” we doly herekete getirijä eýe boldy.Bary-ýogy 3,3 sekundyň içinde 0-dan 100 km/sag çenli bat alýar, 10,6 sekuntda 200 km/sag çenli bat alýar, aňrybaş tizligi bolsa 310 km/sag-dan geçýär.

Awtoulag indiki ýyl 390 müň ýewro bahadan satlyga çykar. Ýedi ýyllyk goldaw bilen tehniki hyzmat hem onuň bahasyna girýär.Kompaniýanyň täze ulagdan köpçülikleýin model ýasamajakdygyny eýýäm Ferraride mälim etdiler: “Biz esaslandyryjymyz Enso Ferrariniň eksklýuziw bolup galmak missiýasyna eýerýäris”.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-italýan pianinoçylarynyň konserti geçiriler
Çempion çempionlygyny goramagy başardy
Ferstappen ikinji gezek dünýä çempiony boldy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Singapurda Werstappen däl-de, Perez ýeňiş gazandy
Aşgabatda Türkiýäniň wiza merkezi açyldy, Turkish Airlines oktýabrda ýene 14 ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýük ulaglaryndan alynýan ýol ýygymlarynyň möçberleri üýtgediler