Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji martda Hazardaky Uzynada nebit ýatagyny özleşdirmek barada maslahatlaşmak üçin ARETI halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, prezident we işewür Ýanardagyň hormatyna gurlan binanyň ýanynda duşuşyp, şol ýerden welosipedli gepleşik geçirmäge gitdiler.
1 of 2
Ýolda Berdimuhamedow we Makarow sport temasyny maslahatlaşdylar, şondan soň işewür atçylyk toplumynda prezidente sport welosipediniň “iň täze görnüşini” sowgat berdi.
1 of 3
Şu ýerde taraplar ARETI halkara kompaniýalar toparynyň Hazar deňzinde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Uzynada ýatagyny özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmak mümkinçiligi, Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyndaky 21-nji toplumda meýilleşdirilýän işler ara alnyp maslahatlaşdy.
TDH-nyň bellemegine görä, bu meselede Türkmennebit döwlet konserni bilen ARETI halkara kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekiler.
Neşiriň maglumatyna görä, prezident I.Makarowa ekologiýa kadalaryny üpjün etmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
1 of 3
Soňra, TDH-nyň ýazmagyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Şapolat atly bedewinde birsellem gezelenç etdi we şondan soň Igor Makarow bilen bilelikde Olimpiýa şäherçesiniň welotrek toplumyna bardy. Işewür ol ýerde ýapyk welotrek zalynda sport welosipedinde öwrüm etdi, prezident bolsa özüne sowgat berlen welosipedi synagdan geçirdi.
1 of 4
Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhmaedow noýabryň aýagynda Buried Hill Energy kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Piter Kollosy kabul etdi we onuň bilen Hazar deňziniň türkmen böleginde nebit-gaz ýataklarynyň gözlegi we özleşdirilmegi baradaky bilelikde alnyp barylýban işleriň netijelerini maslahatlaşdy.