Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres şäherinde meşhur futbol oýunçysy Diýego Maradonanyň dünýäde iň uly şekili peýda boldy diýip, MIR 24 habar berdi. Suratkeş Martin Ron tarapyndan döredilen sungat eseri 14 gatly binany bezedi.
1600 metr meýdany tutýan şekil 1990-njy ýylda geçen Dünýä çempionlygynyň final duşuşygyndan düşürilen fotosuratlar boýunça döredildi, şol oýunda Argentinanyň ýygyndysy Germaniýanyň ýygyndy topary bilen duşuşypdy.
Nakgaşlyk eserini döretmek üçin suratkeşe we onuň kömekçilerine reňkiň 800 litri gerek boldy, olar 25 günläp işlediler. Bu Maradonanyň dünýäde iň uly portretidir, onuň beýikligi 45 metre golaýlaýar we Nýu-Ýorkdaky meşhur Azatlyk heýkeliniň boýuna barabardyr.
Maradona 2020-nji ýylda 60 ýaşynda ýürek hassalygyndan aradan çykdy, ol Argentinanyň milli nyşany hasaplanýar.