Buenos-Aýresiň halkara howa menzilinde Maradonanyň heýkeli oturdyldy

Buenos-Aýresiň halkara howa menzilinde Maradonanyň heýkeli oturdyldy

Beunos-Aýresiň baş halkara howa menzilinde Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň öňki oýunçysy we tälimçisi Diego Maradonanyň heýkeli oturdyldy. Bu barada ýurduň ähli howa duralgalaryny dolandyrýan Aeropuertos Argentina 2000 (AA2000) kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

AA2000-üň eýesi Eduardo Ernekýanyň bir wagtlar Maradona heýkelini oturtmagy hut özüniň teklip edendigi bellenilýär. Şonda Maradona razy bolýar, ýöne ýadygärligi Eseýsa howa menzilinde oturtmagy haýyş edýär. Beýik futbolçynyň doly göwrümli şekili 3D-çap etmek usuly bilen taýýarlanyldy.

Ýatlap geçsek, 1986-njy ýylyň dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzümine hut Maradonanyň gatnaşmagy oňa köpden bäri garaşylan ýeňşi getirdi.

Ýene degişli makalalar

4 ýyl öň şu gün…
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
Maradonanyň ägirt suraty peýda boldy
Argentinanyň paýtagtynda Diýego Maradonanyň iň uly suraty peýda boldy
Libertadores Kubogynyň täze çempiony
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde