“Arkadag” “Al Ahli” duşuşygy deňlikde tamamlandy

AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda 4-nji duşuşyklar geçirildi.Günbatar sebiti boýunça “B” toparçada çykyş edýän ýurdymyzyň çempiony “Arkadag” topary öz meýdançasynda Kataryň “Al Ahli” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. 23-nji minutda Wlap bilen öňe geçen myhmanlara ildeşlerimiz 26-njy minutda Mitrowiçiň awtogoly bilen jogap berdi. Şunlukda, “Arkadag” topary ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşynda 4-nji duşuşygynda 3-nji utugyny gazandy.

Galan 2 duşuşykda “Arkadag” topary ýeňiş gazanan ýagdaýynda 1/8 finala çykar.

Ýene degişli makalalar

AFK Çempionlar Ligasy Elite: “Al Hilal”, “Al-Ahli”, “Gwanžu” toparlary 2-nji duşuşyklarynda-da ýeňiş gazandy
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
Ronaldo we Messini yzda galdyrdy
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça