Ronaldo we Messini yzda galdyrdy

Serbiýaly hüjümçi Aleksandar Mitrowiç ýygyndysynyň Norwegiýany 2-0 ýeňen duşuşygynda toparynyň 2-nji goluny geçirdi.Bu onuň milli ýygyndydaky 50-nji goly boldy.Klub karýerasyny Angliýanyň “Fulham” toparynda dowam etdirýän 28 ýaşyndaky hüjümçi 76 oýunda 50 gola ýetdi.

Bu bolsa şu görkeziji boýunça Mitrowiçiň super ýyldyzlar Messi hem-de Ronaldodan öňde barýandygyny görkezýär.Milli ýygyndylaryň häzirki wagtda futbol karýeralaryny dowam etdirýän iň netijeli 2 futbolçysy Kristiano Ronaldo bilen Lionel Messi 50 gola ýetmek üçin 100-den köp duşuşyk geçirmeli bolupdylar. Ýagny Ronaldo 114, Messi 107 oýundan soň öz milli ýygyndylaryndaky 50-nji goluny geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

“Al Hilal” Neýmardan soň ýene-de 2 ýyldyz oýunçyny transfer etdi
Ronaldonyň 1200-nji duşuşygy
Benzemanyň ilkinji het-trigi
Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Türkmenistan ýaşamak üçin ajaýyp ýurt!